Nýu-Delide "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

  • 27.01.2024 22:32
  • 5.1k+

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykmagyna hem-de 2024-nji ýylyň «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berdi. 

Çärä Türkmenistanyň we Hindistanyň ylmy işgärleri, ýerli metbugat wekilleri we Hindistanda okaýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahaty açmak bilen ilçi Ş.Geldynazarow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çap edilmegi we ýaşlaryň ýankitabyna öwrüljek bu eseriň ýurdumyzda öňde durýan wezipeleri amala aşyrmakda, möhüm meseleleri çözmekde ýaşlar üçin gymmatly gollanma boljakdygy barada giňişleýin gürrüň berdi.
Şeýle hem ilçi türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilendigi barada aýtdy hem-de bu babatda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda, şol sanda Hindistanda dabaraly çäreleriň ençemesi geçirilmegi meýilleşdirilendigini mälim etdi.
Soňra Hindistanda gulluk iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri bölüminiň müdiri Geldimyrat Muhammedow beýik Magtymguly Pyragynyň döwri, ömri we döredijilik ýoly barada gürrüň berdi.
Maslahatyň barşynda Hindistanyň Deli uniwersitetiniň professory (häzirki wagtda pensiýada) Abhaý Mauraý çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu neşiriň döwlet derejesinde ýaşlara uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy barada aýtdy.
Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň 200 sany saýlanan goşgularynyň ýygyndysynyň hindi dilinde terjime edilmegi we bu kitabyň türkmen-hindi medeni gatnaşyklaryny has hem ýokary derejä galdyrmak ugrunda uly ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.2k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......