Türkmenistanda pensiýa ýaşyndakylar üçin sanly bilim ulgamy boýunça mugt okuwlar geçirildi

  • 27.01.2024 22:21
  • 17k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde pensiýa ýaşyndaky raaýtlarymyz üçin “Innowasion kompýuter tehnologiýalary” atly tölegsiz okuwlar gurnaldy. “Adaty” derejeli okuwlar 2023-nji ýylyň 6-njy dekabryndan 2024-nji ýylyň 17-nji ýanwary aralygynda geçirilip, jemi 54 sagatdan ybarat boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Metbugat gullugy habar berýär.

Okuw kursuny üstünlikli tamamlan raýatlarymyza Döwlet derejesindäki şahadatnamalar gowşuryldy.
Bellenilişi ýaly, pensiýa ýaşyndaky raýatlarymyz Innowasiýa maglumat merkezinde gurnalýan bu okuw kurslarynyň alnyp barlyşy we mugallymlaryň bilim derejesi bilen örän hoşaldygyny aýtdylar.
Okuw sapagyň dowamlylygy iki akademiki sagat bolup, olaryň arasynda 10 minutlyk arakesme hem berildi. Merkez tarapyndan bu kursuň diňleýjileri üçin dynç alyş salkymynda çaý-kofe ýaly içgiler we süýjülik tagamlary hödürlenildi.
Innowasiýa maglumat merkeziň Okuw bölüminiň habar berşi boýunça pensiýa ýaşyndaky raýatlar üçin tölegsiz esasda gurnalýan bu okuw kursuň dowamlylygyny 2 aýa çenli artdyrylmagy diňleýjiler tarapyndan haýyş edildi. Şeýle-de okuw kursuny tamamlan raýatlar indiki açylýan okuw toparyna hem ýazylmaga howlugýarlar. Şeýle uly gyzyklanma bildirýän raýatlaryň sanynyň köplügi zerarly “Innowasion kompýuter tehnologiýalary” ugry boýunça okuw toparlarynyň sanyny köpeltmek zerurlygynyň ýüze çykýandygyny Okuw bölüminiň hünärmenleri habar berdiler.


19.06.2026 18:41
3.5k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......