Business Insider TikTok-yň işgärleriniň näçeräk gazanýandygyny aýtdy

  • 27.01.2024 09:40
  • 8.4k+

TikTok we ByteDance (kompaniýa - sosial ulgamyň eýesi) ABŞ-daky işgärlere sagadyna 29 dollardan başlap, ýylyna 455,6 müň dollara çenli esasy aýlyk hödürleýär. Bu barada köpçülikleýin maglumatlary seljeren Business Insider portaly habar berdi diýip, Inc. habar berýär.

Kompaniýa, onlaýn söwda we maglumatlary goramak bölümini güýçlendirmek ýaly ugurlary öňe sürmek bilen, ABŞ-nyň şäherlerinde iş gözleýänleri işjeň çekmegi dowam etdirýär. Çeşmäniň habaryna görä, TikTok häzirki wagtda ABŞ-da 2500-den gowrak wezipe üçin işgärleri hakyna tutýar, tehnologiýa ägirtleri Google we Meta bolsa çykdajylary azaltmak üçin işgärleri azaldýar.
Derňew işleri maglumatlary täzeden işlemek we seljermek boýunça hünärmeniň  ýylda 120 000 - 320 000 dollar aralygynda girdeji gazanyp biljekdigini, TikTok-yň ABŞ-nyň maglumat howpsuzlygy bölümi analitiklere ýylda 145 000 dollar töweregi pul hödürleýändigini anyklady. Maglumatlar diňe esasy aýlygy öz içine alýar we aksiýa opsiýalary ýa-da pul baýraklary ýaly öwezini dolmagyň beýleki görnüşlerini göz öňünde tutmaýar.
Umuman aýdanyňda, TikTok we ByteDance käbir işgärlere 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2022-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli dürli wezipeler üçin sagadyna 29 dollardan ýylyna 455,6 müň dollar aralygynda esasy aýlyk teklip etdi.


24.01.2026 15:31
2.9k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi...

01.09.2025 14:18
4.2k+

TikTok-yň eýesi ByteDance girdeji boýunça dünýäde iň uly sosial ulgam boldy

Meşhur TikTok programmasynyň eýesi bolan ByteDance kompaniýasy işgärlerden paýnamalary yzyna satyn almagyň täze tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyr kompaniýanynyň bahasynyň 330 mlrd dollardan gowrak bolmagyna getirer, bu bolsa öňki 315 mlrd dollar bahadan ýokarydyr diýip, Reuters habar berýär...

19.06.2025 09:53
9.9k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

03.04.2025 13:46
8.3k+

Amazon TikTok-y satyn almak üçin arza berdi

Amazon ahyrky pursatda Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna degişli TikTok-yň ABŞ-daky bölümini satyn almak üçin arza berdi. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, «The New York Times» neşiri habar berýär. Amazon öz teklibini...