Skydance kinostudiýasy Paramount-yň ähli paýnamalaryny satyn almagy meýilleşdirýär

  • 26.01.2024 21:56
  • 2.3k+

Skydance amerikan mediakompaniýasy delisting maksady bilen uly bäsdeşi Paramount Global kompaniýasynyň ähli paýnamasyny satyn almak mümkinçiligini gözden geçirýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, CNBC habar berýär.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýalar deslapky maglumatlary alyşdylar, ýöne due diligence prosesi heniz başlamady.
Ýanwar aýynyň başynda WSJ neşiri Skydance-yň maliýe hyzmatdaşlary bilen bilelikde Paramount holding kompaniýasynyň, National Amusements-iň mažoritar paýnama bukjasyny satyn almagy meýilleşdirýändigini ýazdy. National Amusements Paramount-yň paýnamalarynyň 77%-ine eýeçilik edýär.
Şertnama Skydance bilen Paramount-yň birleşmegini maksat edinýän bolmaly, bu bolsa Paramount-yň ähli paýnamasyny satyn almagy talap edýär diýip, çeşme belleýär. Şertnamany amala aşyrmak üçin Skydance-a ep-esli maliýe serişdesi gerek bolar, sebäbi Paramount-yň kapitalizasiýasy 8,2 mlrd dollara barabar, kompaniýanyň bergisi bolsa 15 mlrd dollara ýetýär. Serişdeleriň bir bölegini Oracle-yň esaslandyryjysy we Skydance-yň ýolbaşçysy Dewid Ellisonyň kakasy milliarder Larri Ellison üpjün edip biler.  
Öň, Paramount-y satyn almaga Warner Bros. Discovery-nyň hem dalaş edýändigi habar berlipdi.
Skydance Golliwudyň öňdebaryjy garaşsyz studiýalarynyň biridir. Ol “Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl” we “Transformerler” ýaly meşhur franşizalara eýeçilik edýär.

düýn 20:25
3.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.7k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......