“Alfa Tauri” hemaýatkäri sebäpli möwsümden öň adyny üýtgetdi

  • 25.01.2024 23:53
  • 3.9k+

“Alfa Tauri” “Formula-1-iň” 2024-möwsümi başlamazdan öň adyny üýtgetdi. Bu barada toparyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Titul hemaýatkärini üýtgeden topar indi Visa Cash App RB adyny göterer. Bellenilişi ýaly, Visa kompaniýasy bilen şertnama birnäçe ýyla niýetlenýär.
Topar 2006-njy ýyldan bäri “Topo Pocco” ady bilen hereket etdi. 2019-njy ýylyň ahyrynda “Alfa Tauri” adyny aldy. Ol pelotonda “Red Bull” kompaniýasyna degişli bolan ikinji topardyr.
Geçen möwsümde “Alfa Tauri” Konstruktorlaryň kubogynda sekizinji orny eýeledi. Geljekki çempionatda topara awstraliýaly Daniel Rikkýardo we ýaponiýaly Ýuki Sunoda wekilçilik eder.
Möwsümden öňki synaglar 21-23-nji fewralda Bahreýnde geçiriler, şondan soň ýurt täze möwsümiň ilkinji tapgyryny kabul eder. Ol 29-njy fewraldan 2-nji mart aralygynda geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....