Nokia-nyň mirasdüşeriniň haýsy at bilen çykjakdygy belli boldy

  • 25.01.2024 23:29
  • 17k+

Aprel aýynda «Nokia» brendiniň hukuklaryna eýelik edýän «HMD Global» täze smartfonlary çykarar. Bu barada lenta.ru «91mobiles» neşirine salgylanyp habar berýär.

«HMD-niň» iki enjamy eýýäm 2023-nji ýylyň dekabrynda «IMEI» maglumatlar bazasynda görüldi. Soňra ilkinji enjamyň bazardaky köpçülikleýin sarp edijilere gönükdiriljekdigi we şeýlelik bilen, «HMD-niň» çykarmakdan ýüz öwren arzan «Nokia» smartfonlarynyň ornuny tutjakdygy mälim edildi.
«Nokia-nyň» oruntutary solgun örtükli plastik korpusa eýe bolar we arka panelinde goşa kamera hem «HMD-niň» nyşany ýerleşdiriler. Enjam IPS displeýi we ekranyň kesiminde selfi kamerasy bilen üpjün ediler, öçürip-ýakmak we ses düwmeleri enjamyň sag tarapynda ýerleşer.
Hünärmenler hasaba alnan ýene-de bir smartfon barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bolsa, bu enjam ilkinji enjamyň başga bir nusgasy bolup biler. «HMD» brendi astyndaky ilkinji smartfonyň aprel aýynda Hindistanda satuwa çykaryljakdygy bellenilýär.


19.05.2026 16:35
4.9k+

Düwmeli Nokia 1100 taryhda iň köp satylan telefon boldy

Ykjam gurluşlaryň taryhynda iň köp satylan telefon düwmeli Nokia 1100 modeli boldy. «BGR» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu enjamyň satuwy 250 million birlige ýetdi....

02.11.2025 20:05
2.7k+

Nvidia Nokia-a 1 mlrd dollar maýa goýýar

Nokia kompaniýasy Nvidia-nyň özüne 1 milliard dollar möçberinde maýa goýmaga taýýardygyny habar berdi. Bu serişdeler täze çykarylan Nokia paýnamalaryny satyn almak we emeli aň (AI) tehnologiýalary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ulanylar...

11.02.2025 15:51
4.1k+

Nokia-nyň prezidenti Lundmark işden gidýär: wezipäni Intel-iň EA bölüminiň başlygy eýelär

Finlýandiýanyň telekommunikasion enjamlary öndürijisi Nokia Corp.-yň prezidenti we baş ýerine ýetiriji müdiri Pekka Lundmark öz wezipesinden gider. Bu barada ol kompaniýanyň müdirler geňeşine duýdurdy diýip, Nokia...

21.08.2024 10:36
5.4k+

HMD Nokia markasyndan ýüz öwrüp, resmi taýdan Hytaý bazaryna girýär

HMD Nokia markasyny ulanmakdan ýüz öwrüp, resmi taýdan Hytaý bazaryna girendigini mälim etdi diýip, Gizchina ýazýar. Nokia-nyň resmi Weibo sahypasyndaky beýanatyna görä, HMD öz markasy bilen Hytaýda diňe düwmeli...