Türkmenistan we Katar medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 24.01.2024 11:35
  • 7.7k+

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow katarly kärdeşi Abdulrahman bin Hamad al-Tani bilen duşuşdy. Ministrler medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar. Bu barada Gulf Stream neşiri mälim edýär.

Katar Döwletinde “EXPO-2023” sergisiniň çäklerinde Gyrgyzystanyň Medeniýet günleri açyldy. Halk döredijiliginiň toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen çäre Futbol boýunça Aziýanyň Kubok ýaryşyna bagyşlanýar.
Türkmenistan we Katar soňky ýyllarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde giňeltmek boýunça geçirilýän giňişleýin çäreleriň çäginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürýärler. Aşgabat we Doha gyzyklanmalarynyň gerimi diňe bir energiýa, ulag, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk bilen çäklenmän, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem öz içine alýar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......