Dünýäde kuzowy möý ýüpeginden bolan ilkinji superkar görkezildi

  • 23.01.2024 12:27
  • 7.7k+

Velozzi kompaniýasy möý ýüpeginden peýdalanmak bilen dünýädäki ilkinji superkary döretmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada championat.com habar berýär. Taslama Velozzi Hypercar adyny aldy, awtorlaryň aýtmagyna görä, bu awtomobil “geljegi üýtgeder”.

Möý ýüpegi kuzowy we monokoky döretmekde uglerod süýümi bilen deň derejede ulanylar diýlip garaşylýar. Velozzi möý ýüpeginiň berkligi boýunça polatdan, uglerod süýüminden, titandan we kewlardan hem öňde durýandygyny belleýär. Bu işde Velozzi kompaniýasyna Spidey Tek kömek eder.

“Möý ýüpeginiň berkliginiň we çeýeliginiň utgaşmasy ony dürli pudaklarda ulanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, biz onuň häsiýetini üýtgedip bilýäris, bu hem möý ýüpegini indiki nesliň materialyna öwürýär” – diýip, Velozzi-niň resmi saýty Spidey Tek kompaniýasynyň ylmy müdiri, doktor Rendi Lýuisiň sözlerini getirýär.

Velozzi Hypercar-yň V12 hereketlendirijisine we alty basgançakly transmissiýa eýe boljakdygy çaklanylýar. New Atlas-yň maglumatlaryna görä, awtomobil 2,7 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrar, onuň iň ýokary tizligi sagatda 370 km bolar. Velozzi şeýle awtomobilleriň 100 sanysyny döretmegi meýilleşdirýär.

şu gün 09:57
3.4k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

şu gün 07:52
2.6k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

düýn 23:53
2.1k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

düýn 20:03
4.9k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......