Hytaýyň jemi içerki önümi 2023-nji ýylda 17 trillion dollardan geçdi

  • 19.01.2024 21:14
  • 3.8k+

Hytaýyň jemi içerki önümi (JIÖ) geçen ýyl 5,2% artyp, 17,71 trillion dollara ýetdi. Bu barada Hytaýyň Döwlet statistika gullugy (DSG) habar berdi diýip, Kazinform-a salgylanýan Trend ýazýar.

Resmi maglumatlara görä, 2023-nji ýylda Hytaýyň jemi içerki önümi 126,06 trillion ýuana (takmynan 17,71 trillion dollar) ýetdi.
Brifingiň dowamynda DSG-nyň müdiri Kang I Hytaýyň, daşarky basyşlara we içerki kynçylyklara garamazdan, 2023-nji ýylda öz maksatlaryna ýetendigini aýtdy.

"Häzir hem daşarky şertler çylşyrymly we ýowuz bolamagynda galýar, içerki töleýiş ukyply isleg ýeterlik däl, käbir pudaklarda kuwwat aşa köp, sosial garaşmalar gowşak, töwekgelçilikler we gizlin howplar ýokary bolmagynda galýar, şol sebäpli  Hytaýyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ýokary galyşlara iteklemek üçin entek birgiden kynçylyklar ýeňlip geçilmeli we meseleler çözülmeli"  diýip, ol belledi.

2023-nji ýylda Hytaýyň goşulan senagat gymmaty ýyllyk deňeşdirilende 4,6% ösdi. Esasy serişdelere maýa goýumlarynyň ösüşi 3% derejesinde diýip hasaba alyndy we bölek satuw söwdasy ýylda 7,2% ösdi. Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýylda sarp edilýän harytlaryň bölek satuw söwdasynyň umumy mukdary 47,15 trillion ýuana (takmynan 6,63 trillion dollar) ýetdi.
Geçen ýyl işsizligiň derejesi ortaça 5,2% boldy. 2023-nji ýylda obaly migrant işçileriň umumy sany 1,91 million artyp, 297,53 milliona ýetdi. Olaryň ortaça aýlyk girdejisi 3,6% ýokarlanyp, 4780 ýuana (takmynan 672 dollar) ýetdi.


düýn 19:30
1.6k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

18.06.2026 12:31
5.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....