Disney Apple Vision Pro-nyň çykmagy mynasybetli 3D filmleri çykarar

  • 21.01.2024 20:22
  • 4k+

Disney kompaniýasy ýörite Apple Vision Pro AR äýneginiň çykmagyna bagyşlap, birnäçe 3D filmleri çykarar. Bu barada RBK habar berýär. Disney+ abunaçylaryna Dewid Kemeronyň “Awatar: Suw ýoly”, Deni Wilnýowyň “Dýuna” filmi, “Ýyldyz söweşijileri: Güýjüň oýanmagy”, “Ar alyjylar: Final” we “Doganlar Super Mario kinoda” elýeterli bolar. Bu kartinalary Apple TV goşundysynyň üsti bilen kärendesine almak bolar.

Garyşyk hakykat äýnekleriniň satuwy iki hepdeden başlar, deslapky sargytlar eýýäm 19-njy ýanwarda açyldy. Apple saýtynda Vision Pro äýneklerinde 3D formatda 150-den gowrak filmiň elýeterli boljakdygy barada maglumatlar peýda boldy.
Äýneklerde filmlere tomaşa etmek üçin ýörite dinamiki fonlary ulanmak bolar. Şeýle-de, ulanyjylar äýneklerde 4 ESPN, NBA, MLB, PGA Tour, Max, Discovery+, Amazon Prime Video, Paramount+, Peacock, Pluto TV, Tubi, Fubo, Crunchyroll, Red Bull TV, IMAX, TikTok we MUBI serwisleriniň goşundylarynyň kömegi bilen, şeýle-de Safari we beýleki brauzerler arkaly telegepleşikleri, sport ýaryşlaryny we ş.m. ýükläp hem tomaşa edip bilerler.
Vision Pro 2023-nji ýylyň iýun aýynda Bütindünýä işläp düzüjileriň konferensiýasynda hödürlendi. Iýul aýynda Apple-iň meýilleşdirilenden iki esse az äýnek çykarjakdygy belli boldy. Ilkibaşda, kompaniýa satuwyň ilkinji 12 aýynda 1 mln garnitura çykarmakçydy, ýöne soň görkeziji 400 müň birlige çenli azaldy. Munuň sebäbi Vision Pro-nyň önümçilikde kynçylyk döredýän çylşyrymly dizaýny boldy.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...