FIFA aýallar futbolynda iň gowy gol üçin Martanyň adyny göterýän baýrak döreder

  • 18.01.2024 18:00
  • 7.8k+

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) resmi web sahypasynda zenanlaryň futbolynda iň gowy gol üçin Braziliýanyň öňki hüjümçisi Martanyň adyny göterjek baýragyň döredilendigini yglan etdi.

Duşenbe güni Londonda geçirilen «The Best FIFA Football Awards» dabarasynda öňki türgen karýerasyndaky görnükli üstünlikleri üçin FIFA-nyň ýörite baýragy bilen sylaglandy. Zenanlaryň futbolynda iň gowy gol üçin täze baýrak 2025-nji ýyldan gowşurylyp başlar.
Marta dünýä çempionatynda geçirilen pökgüleriň sany boýunça rekordyň eýesidir. Bu rekorda erkekleriň futbolynda hem ýetilmedi. Ol alty çempionatda 17 pökgi geçirdi. Häzirki futbolçylaryň hatarynda onuň yzynda argentinaly Lionel Messi (13 gol) we fransuz Kilian Mbappe (12) ýerleşýär.

«Elbetde, men bu rekordyň eýesi bolanyma örän şat. Ýöne bu Braziliýany Marta däl-de, millet hökmünde, biziň hemmämiz hökmünde görkezýär. Bu rekordy saklamak meniň üçin uly hormat» diýip, öňki futbolçy dabaranyň dowamynda belledi.

Marta 37 ýaşynda. 2007-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi. Hüjümçi iki gezek Olimpiýa oýunlarynda (2004, 2008) kümüş medal gazandy. Braziliýaly futbolçy alty gezek (2006, 2007, 2008, 2009, 2010 we 2018) dünýäde ýylyň iň gowy zenan futbolçysy hökmünde saýlandy.


düýn 13:51
8.7k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......