Mourinýo “Romany” terk etdi

  • 16.01.2024 15:47
  • 12k+

Italiýanyň “Romasy” toparyň baş tälimçisi Žoze Mourinýonyň işden çykarylandygyny mälim etdi. Bu barada klub öz resmi saýtynda habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär.

“Bizde onuň “Romada” bolan wagty barada gowy ýatlamalar bolar, ýöne biz gyssagly üýtgeşmeler klubuň bähbidine bolar diýip hasaplaýarys. Biz Žoze we onuň kömekçilerine geljekki işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris” – diýlip, saýtda aýdylýar.

Portugaliýaly hünärmen bilen birlikde klubdan onuň tälimçiler ştaby hem gitdi.
Mourinýo “Romada” 2021-nji ýylyň maý aýyndan bäri işledi. Ol topary 2021/22-möwsüminde Konferensiýalar ligasynda ýeňşe getirdi. Geçen möwsümde “Roma” Ýewropa ligasynyň finalçysy boldy.
Italiýanyň çempionatynyň 20 tapgyryndan soň “Roma” 29 utuk bilen ýaryş jedwelinde dokuzynjy orny eýeleýär. Öňdebaryjy Milanyň “Interidir” (51 utuk).
Mourinýo Londonyň “Çelsi” toparynda, “Interde”, “Realda”, “Mançester Ýunaýtedde”, "Portuda" we “Tottenhemde” işledi. “Çelsi” bilen üç gezek Angliýanyň çempiony, “Inter” bilen iki gezek Italiýanyň çempiony boldy, “Real” bilen bir gezek La Ligada ýeňiş gazandy. Şeýle hem ol UEFA Kubogyny ("Portu", 2003), Ýewropa ligasyny ("Mançester Ýunaýted", 2017), iki gezek Çempionlar ligasyny ("Portu", 2004; "Inter", 2010) gazandy.


düýn 16:49
5.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
6.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.6k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.7k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....