Nadal Saud Arabystanynyň Tennis federasiýasynyň ilçisi boldy

  • 16.01.2024 14:57
  • 7k+

Dünýäniň öňki birinji raketkasy ispaniýaly Rafael Nadal Saud Arabystanynyň Tennis federasiýasynyň ilçisi boldy. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Türgen ýurtda tennisi ösdürmäge kömek eder. Şeýle-de, Saud Arabystanynda Nadalyň akademiýasyny döretmek meýilleşdirilýär.

“Siz Saud Arabystanynda haýsy tarapa seretseňiz hem, ösüş we öňegidişlik görersiňiz we men bu prosese gatnaşýandygym üçin şat. Men tennis oýnamagy dowam etdirýärin, sebäbi bu oýny halaýaryn. Ýöne oýundan ýaşary, men bütin dünýäde sportuň bu görnüşine ösmäge kömek etmek isleýärin, Saud Arabystanynda bolsa hakyky potensial bar. Şu gün şu ýere jemlenen çagalar geljege seredip, sportuň ähli görnüşlerine hakyky hyjuw bilen garaýarlar. Eger men olara ellerine raketka almaga ýa-da özlerini forma getirip, sagdyn durmuş ýörelgesinden lezzet almaga kömek edip bilsem, men ýagdaýy üýtgedip bilendigime begenerin” – diýip, Nadal aýtdy.

Ispaniýaly 37 ýaşynda, ol Uly tuwulga ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisidir, rekord 14 gezek “Rolan Garrosda” ýeňiji boldy.


08.06.2026 12:42
9.8k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

08.06.2026 12:41
1.9k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......