Stambuldaky Aýa-Sofiýa metjidine giriş daşary ýurtlular üçin tölegli boldy

  • 16.01.2024 12:09
  • 9.7k+

Stambulyň dünýä belli metjidi Aýa-Sofiýa (Mukaddes Sofiýanyň ybadathanasy) giriş daşary ýurtlular üçin indi tölegli bolar. Tölegiň bahasy 25 ýewro barabar. Respublikanyň Syýahatçylyk ministrligi tarapyndan girizilen täze düzgünler duşenbe gününden güýje girýär diýip, TASS habar berýär.

Syýahatçylar üçin aýratyn giriş we çykyş guralar, olar galereýa gatyna aýlanyp bilerler, şeýle-de Wizantiýa mozaikalaryny synlap bilerler. Myhmanlar üçin ykjam gurluşlara ýükläp bolýan 23 dilde audiogid işlenip düzüldi. Olar, isleseler, girelgede nauşnik alyp, ybadathana özbaşdak ekskursiýa gurap bilerler.
Türkiýäniň raýatlary we Mukaddes Sofiýa ybadat etmek maksady bilen barýanlar üçin metjide giriş mugt bolup galýar. Syýahatçylyk ministrliginiň aýtmagyna görä, metjide baryp görmegiň täze ulgamy girelgedäki nobatlary aradan aýyrmaga hem-de ony dikeltmek boýunça giň gerimli işleri meýilnama laýyklykda alyp barmaga mümkinçilik berer.
Sofiýa ybadathanasy imperator Ýustinianyň görkezmesi boýunça 532-537-nji ýyllarda gurlan Wizantiýa binagärliginiň ýadygärligidir. 1453-nji ýylda Wizantiýa imperiýasy ýykylandan soň, ol metjide öwrüldi. 1935-nji ýylda, häzirki türk döwletini esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk tarapyndan gol çekilen Türkiýäniň hökümetiniň jarnamasyna laýyklykda, ybadathana muzeý boldy. 1985-nji ýylda binagärlik toplumy Stambulyň taryhy böleginde ýerleşýän beýleki ýadygärlikler bilen bir hatarda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.  


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......