Messi – The Best Men’s Player (Ýylyň iň gowy futbolçysy)

  • 16.01.2024 09:06
  • 6.3k+

15-nji ýanwarda Londonda FIFA-nyň garaýşy boýunça 2023-nji ýylyň iň gowy oýunçysy üçin The Best Men’s Player baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýraga “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi mynasyp boldy.

Ýeri gelende bellesek, Lionel Messi bu dabara gatnaşmady, şonuň üçin sözleýiş bilen çykyş edip, baýragy alyp bilmedi. Netijede, argentinaly oýunçyny gönüden-göni zalda bolmazyndan iň gowusy diýip ykrar etmeli boldy.
Şeýlelikde, Messi bu baýragy karýerasynda dördünji gezek aldy, öň baýraga 2022, 2019 we 2009-njy ýyllarda mynasyp bolupdy. Bu baýraga “PSŽ-niň” fransiýaly hüjümçisi Kilian Mbappe we “Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holand hem dalaş etdi. Olar bu nominasiýada finalçylar boldy.
Ýatlap geçsek, argentinaly hüjümçi Messi 2023-nji ýylda karýerasynda sekizinji gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy. Şu ýyl Leo “PSŽ” bilen bilelikde Fransiýanyň çempiony boldy, Fransiýanyň Superkubogyny utdy we “Inter Maýamä” ilkinji kubogy – Ligalaryň kubogyny getirdi.
Geçen ýyl hem FIFA-nyň bu baýragynyň eýesi Lionel Messi boldy. Ýeňiji janköýerleriň, žurnalistleriň, milli ýygyndylaryň kapitanlarynyň we tälimçileriniň arasynda geçirilen ses berişligiň jemi boýunça kesgitlenýär.


düýn 22:49
5.6k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......