Şeýh Hasina bäşinji gezek Bangladeşiň hökümetiniň baştutany boldy

  • 13.01.2024 07:34
  • 13k+

Bangladeşiň premýer-ministri, “Awami lig” (“Halk ligasy”) partiýasynyň lideri Şeýh Hasina 7-nji ýanwarda geçiriljek parlament saýlawlarynda öz tarapdarlarynyň ýeňiş gazanmagyndan soň bäşinji gezek ýurduň hökümetine baştutan boldy. TASS-nyň habaryna görä, premýer-ministriň kasam kabul ediş dabarasy Dakkadaky prezident rezidensiýasynda geçirildi.

Bellenen däp-dessurlara görä, Şeýh Hasina ýurduň prezidenti Şahabuddin Çuppunyň huzurynda kasam kabul etdi.
Parlament saýlawlarynyň netijesinde “Awami lig” partiýasy kanun çykaryjy edarada bar bolan 298 ornuň 222-sini aldy.
Şeýh Hasina 36 agzaly ministrler kabinetini teklip etdi. Geçen ýyllarda onda 45-den 62-ä çenli agza bardy. Premýer-ministriň yzyndan ministrler hem kasam kabul etdiler.
77 ýaşly Şeýh Hasina Bangladeşiň ilkinji prezidenti Mujibur Rahmanyň gyzy. Ol 1996-njy ýylda geçirilen saýlawlarda “Halk ligasy” ýeňenden soň ilkinji gezek hökümete ýolbaşçylyk etdi. 2007-nji ýylda ol parahorlukda we gorkuzyp almakda aýyplanyp, bir ýyl azatlykdan mahrum edildi, saglyk ýagdaýy sebäpli boşadyldy we bejergi almak üçin ABŞ-a gitdi.
Şondan soň, 2009-njy, 2014-nji, 2018-nji we 2024-nji ýyllarda geçirilen saýlawlarynyň jemi boýunça premýer-ministriň wezipesini eýeledi. Şeýlelik bilen, Şeýh Hasina Bangladeşiň taryhynda hökümete iň köp baştutanlyk eden ýolbaşçydyr.

düýn 19:37
4.9k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

düýn 13:39
1.2k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

düýn 11:21
2k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

29.05.2026 08:03
6.9k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......