Iň täze çykan Hyundai awtomobillerini Aşgabatda nireden görüp, satyn alyp bolýar?

  • 12.01.2024 18:46
  • 69k+

Hyundai brendiniň Aşgabatdaky resmi distribýutory türkmenistanly awtoulag muşdaklaryny iň täze modelleri janly görnüşde synlamaga, olaryň tehniki häsiýetnamalary, içiniň görnüşi bilen has ýakyndan tanyşmaga çagyrýar.

Aşgabatda G.Kuliýew köçesiniň (Obýezdnoý) ugrunda ýerleşýän merkezde Hyundai kysymly täze awtomobilleriň dürli modellerini satyn alyp bolýar. Bu ýerde awtomobilleriň satuwy bilen birlikde, awtoulaglara şu aşakdaky tehniki ideg hyzmatlary hem hödürlenilýär:

  • Motor ýagyny çalşyp bermek;
  • Awtomatik geçiriji korobkanyň ýagyny çalşyp bermek;
  • Kuzow we malýar işleri;
  • Kompýuter diagnostikasy;
  • Awtoulaglaryň kondisionerlerine ideg etmek;
  • Antifriz çalşyp bermek;
  • Tormoz kolodkalaryny çalşyp bermek;
  • Tekerleriň balansirowkasy;
  • Razwal hyzmaty;
  • Awtoýuwalga

Hyundai brendiniň ýurdumyzdaky resmi distribýutory bolan «Mertlik Ruhy» hojalyk jemgyýeti hyzmatlarynyň hilini kepillendirýär. Gönüden-göni Hyundai zawody bilen aragatnaşyk saklamak bilen, ýurdumyzdaky Hyundai merkezi awtoulag sürüjilerine islendik sorag ýüze çykanda ýakyndan ýardam etmäge taýýardygyny mälim edýär.
Tölegler nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär.
Hyundai Motor Company günorta koreý awtomobil gurluşyk kompaniýasy bolup, ol Çon Çžu-ýon tarapyndan 1967-nji ýylda esaslandyryldy. Hyundai Günorta Koreýada iň iri we dünýäde iň öňdebaryjy awtomobil öndürijileriň biridir.

Salgysy:
Aşgabat ş., G.Kuliýew köçesi, 58.
Habarlaşmak üçin:
+99312 75-44-85
+99371 34-76-17

Instagram: hyundai.turkmenistan
TmCars Biznes: Mertlik Ruhy HJ


10.06.2026 18:39
3.7k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.3k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4.1k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....