Toyota dört ýyl bäri dünýäde awtomobil satuwy boýunça öňde barýar

  • 10.01.2024 17:48
  • 13k+

Ýaponiýanyň Toyota awtokonserni yzygider dördünji ýyl ulag serişdeleriniň satuw göwrümi boýunça halkara bazarynda öňdebaryjylygy saklaýar. Bu barada Kyodo agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Toyota heniz 2023-nji ýyl üçin degişli statistikany mälim etmedi, ýöne agentlik awtokonserniň geçen ýylyň ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda 10,22 mln awtomobil satyp bilendigini çaklady.
Şol bir wagtyň özünde Toyota-nyň esasy bäsdeşi bolan Volkswagen awtokonserni 2023-nji ýylda 9,24 mln ulag serişdesini satdy, bu hem ýapon korporasiýasynyň öňdebaryjy ornuny berkitdi.
27-nji dekabrda Toyota 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda awtokonserniň 9,23 mln awtomobil çykaryp, halkara önümçiligiň rekord ýyllyk möçberine ýetendigini habar berdi. Öňki rekord 2019-njy ýylda hasaba alyndy, şonda 9,05 mln ulag serişdesi öndürildi.


16.06.2026 09:57
5.5k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......