Baş keşpde Hoakin Feniks bilen “Napoleon” filmi onlaýn elýeterli boldy

  • 11.01.2024 12:10
  • 5.6k+

9-njy ýanwarda “Napoleon” filmi sanly platformalara çykdy. Baş keşbi Hoakin Feniksiň ýerine ýetirmegindäki filmi Amazon Prime-da görmek bolar, ýakyn wagtda ol Apple TV+ serwisiniň katalogynda hem peýda bolar. Bu barada championat.com habar berýär.

“Napoleon” beýik fransuz serkerdesi Napoleon Bonapartyň durmuşy barada gürrüň berýär. Filmiň wakalarynyň köp bölegi onuň häkimiýet başyna gelmegine hem-de imperator aýal Žozefina (Wanessa Kirbi) bilen gatnaşyklaryna bagyşlanýar. Kartinany “Gladiatoryň” we köp sanly beýleki kult filmleriniň režissýory Ridli Skott ýola goýdy.
Kartinanyň premýerasy dünýäniň kinoteatrlarynda 22-nji noýabrda boldy. Bir ýarym aýyň içinde film prokatda 213 mln dollar töweregi girdeji ýygnady, ýöne uly girdejili hit filme öwrülmedi. Şeýle-de bolsa, ol heniz sanly ulgamda we fiziki göterijilerde çykdajylaryň öwezini dolup biler.

şu gün 12:00
487

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
2.9k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
1k+

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
987

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......