Mourinýo möwsümiň ahyrynda «Romadan» gidip biler

  • 10.01.2024 09:49
  • 6.6k+

Portugaliýaly hünärmen Žoze Mourinýo möwsümiň ahyrynda «Romanyň» baş tälimçisi wezipesinden gitmek mümkinçiligini pikirlenýär diýip, RIA Nowosti «Foot Mercato» salgylanyp habar berýär.

Rimiň futbol topary bilen 60 ýaşly hünärmeniň häzirki şertnamasy 2024-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenendir. «Roma» 19 tapgyrda 29 utuk gazanyp, Italiýanyň çempionatynda sekizinji orunda barýar.
Mourinýo 2021-nji ýyldan bäri «Roma» toparyna ýolbaşçylyk edýär. 2021/22-nji möwsümde ol topar bilen Konferensiýalar ligasynda ýeňiji bolup, rimlilere Ýewropa kubogynda ilkinji ýeňşi getirdi.
Ozal portugaliýaly hünärmen Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» we «Çelsi», Madridiň «Real», Italiýanyň «Inter», Portugaliýanyň «Portu», «Leýriýa» hem-de «Benfika» toparlaryna tälimçilik etdi. Mourinýo Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň (öňki UEFA kubogy) hersinde iki gezek ýeňiji boldy.


düýn 22:49
2.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......