ABŞ-nyň milli ýygyndysy hokkeý boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda ýeňiji boldy

  • 08.01.2024 17:20
  • 2.7k+

ABŞ-nyň ýaşlar ýygyndysynyň hokkeýçileri 20 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda dünýä çempionatynyň finalynda şwesiýaly garşydaşlaryny ýeňdiler.

Geteborg şäherinde geçirilen duşuşyk 6:2 (1:0, 2:2, 3:0) hasabynda amerikalylaryň peýdasyna tamamlandy.
ABŞ-nyň milli ýygyndysy taryhynda altynjy gezek ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda ýeňiji boldy, ol soňky gezek bu derejä 2021-nji ýylda eýe bolupdy.
Kanadanyň milli ýygyndysy iň köp ýeňiş gazanan topar bolmagynda galýar – ol jemi 20 gezek, şol sanda yzly-yzyna soňky iki çempionatda-da ýeňiji boldy. Emma olar bu gezek ýeňijileriň arasyna düşüp bilmedi.
Çehiýanyň milli ýygyndysy üçünji orun ugrundaky duşuşykda Finlýandiýany 8:5 (1:2, 2:3, 5:0) hasabynda ýeňip, bürünç medala mynasyp boldy.


15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.9k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

15.06.2026 10:43
10k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......