2024-nji ýylda 71 çaga Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldy

  • 08.01.2024 11:39
  • 6.9k+

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Her ýyl geçirilýän bäsleşik, zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.
Okuw, döredijilik, sport we beýleki ugurlarda tapawutlanan oglanlaryň we gyzlaryň gatnaşan döwlet bäsleşiginiň netijelerine esaslanyp, intellektual we döredijilik ýaryşlarynda, döwlet we halkara olimpiadalarynda we sport ýaryşlarynda üstünlik gazanan 71 çaga sylaglandy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde sylaglananlara degişli diplomlar we gymmatly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşige ýurduň ähli sebitlerinden 18 ýaşa çenli oglanlar we gyzlar gatnaşýar. Saýlama tapgyrlary ilki etrap we welaýat derejesinde geçirilýär we ýeňijileri döwlet bäsleşigine gatnaşýarlar.
Gulbaba adyndaky baýragynyň eýeleri baýrak alanlaryň hormatyna guralan baýramçylyk konsertinde çykyş etdiler.


şu gün 00:03
529

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......