Disney girdejisi boýunça 2023-nji ýylda Universal studiýasyndan yzda galdy

  • 07.01.2024 18:19
  • 3.3k+

«Disney» studiýasynyň 17 täze filmi (şol sanda «Galaktikanyň goragçylary 3», «Indiana Jons we ykbalyň çarhy», «Kiçijik suw perisi») bütin dünýäde bary-ýogy 4,827 milliard dollar gazandy. Şol bir wagtyň özünde, «Universal» 24 täze filmi bilen (şol sanda taryhda iň köp girdeji gazanan baýopik «Oppengeýmer», «Super Mario doganlar filmde» multfilmi we «M3GAN» gorky filmi) 4,907 milliard dollar toplap, studiýalaryň arasynda kassa ýygymlarynda dünýäde öňdebaryjy boldy. «Disney» 2015-nji ýyldan bäri ilkinji gezek birinji ýeri eýeläp bilmedi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren maglumatynda korporasiýa 80 million dollarlyk aratapawudy 2023-nji ýylda «Universal-dan» ýedi film az çykarandygy bilen düşündirdi.
Uzak wagtyň dowamynda ilkinji gezek «Disney» studiýasynyň filmleri ýylyň dowamynda iň köp girdeji gazanan filmleriň ilkinji üçlüginee girmedi (olar 1,4 milliard dollar girdeji bilen «Warner Bros.» studiýasynyň «Barbi» filmi, 1,3 milliard dollar bilen ýokarda ady agzalan «Mario doganlar» we 950 million dollar bilen «Universal-yň» «Oppengeýmer» filmi). Mundan başga-da, 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek «Disney-iň» filmleriniň hiç biriniň kassa ýygymy 1 milliard dollardan geçmedi.
«Disney» kassa ýygymynda ikinji orunda dursa-da, 2023-nji ýylda düşürilen filmleriniň köpüsi garaşylan netijäni bermedi. Diňe «Galaktikanyň goragçylary 3» 845 million dollar gazanyp, ýeke-täk üstünlikli taslama boldy. «Garynja adam we Ary. Kwantomaniýa» filmi 476 million dollar bilen ýylyň iň köp girdeji gazanan filmleriniň sanawynda 10-njy ýeri eýeledi, ýöne studiýa sarp edilen puluň öwezini dolup bilmedi.
«Universal» we «Disney» studiýalarynan soň üçünji ýerde «Barbi», «Monah zenanyň näleti 2»  we «Wonka» filmleri bilen 3,84 milliard dollar girdeji gazanan «Warner Bros.» gelýär. «Sony» studiýasy («Möý adam: Älemiň içinden» we «Napoleon») we «Paramount» («Missiýany ýerine ýetirmek mümkin däl: Ölüm hasaplaşygy. Birinji bölüm» we «Zyndanlar we Aždarhalar: Ogrularyň arasynda hormat») gazançlaryny yglan etmediler, ýöne olaryň bütin dünýäde 2 milliard dollar gazanyp, kassa ýygymlary boýunça iň gowy bäş studiýanyň sanawyna girendigi habar berilýär.

düýn 17:02
1.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
4.8k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......

23.06.2026 08:37
7k+

Ýewropada her gün baýlygy 30 mln dollardan geçýän 20 täze millioner peýda bolýar

Soňky 5 ýylyň dowamynda Ýewropada aşa ýokary girdejili adamlaryň sany 25 göterim artdy. Knight Frank Wealth Report-uň täze hasabatyna görä, Ýewropa yklymynda baýlygy 30 million dollardan geçýän 183 953 adam......

22.06.2026 08:33
3.7k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......