2023-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Stambula 16 milliondan gowrak syýahatçy bardy

  • 07.01.2024 18:03
  • 5.7k+

Geçen ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda Stambula gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9 göterim ýokarlandy – 14 million 714 müň 474 adamdan 16 million 51 müň 324 adama ýetdi. Bu maglumatlar Stambulyň Medeniýet we syýahatçylyk meseleleri boýunça müdirligi tarapyndan berilýär.

Noýabr aýynda türk megapolisine 1 million 288 müň 610 sany daşary ýurtly syýahatçy geldi, bu bolsa 2022-nji ýylyň noýabr aýyndaky görkezijiden dört göterim azdyr, şol döwürde şähere daşary ýurtdan 1 million 341 müň 948 myhman gelipdi.
2023-nji ýylyň noýabr aýynda Stambula 1 million 245 müň 518 daşary ýurtly syýahatçy howa ulagy, 43 müň 92 adam bolsa deňiz ulagy bilen geldi.
Stambula howa ýoly bilen gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 6 göterim azaldy, deňiz ulagyndan peýdalanýanlaryň sany bolsa 2022-nji ýylyň noýabr aýy bilen deňeşdirilende, 131 göterim artdy.
Atatürk howa menziliniň hyzmatlaryndan 1419 adam, Sabiha Gökçen adyndaky halkara howa menziliniň hyzmatlaryndan 339 müňden gowrak syýahatçy, Stambulyň howa menzilinden bolsa türk megapolisiniň 905 müň 90 (howa ýollary bilen gelýänleriň 72,67 göterimi) myhmany peýdalandy.
Noýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň raýatlary Stambula gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň akymynyň esasy bölegini düzdi – 135 müň 696 adam.
Ondan soň Germaniýa – 89 müň 810 adam, Eýran – 88 müň 727 adam, ABŞ – 61 müň 566 adam we Beýik Britaniýa  gelýär – 51 müň 371 adam.
Şeýle hem ilkinji onluga Saud Arabystany (48 müň 403), Fransiýa (43 müň 442), Italiýa (36 müň 842), Özbegistan (30 müň 214) we Azerbaýjan (27 müň 113) girýär.
Mundan başga-da, Stambul noýabr aýynda Yragyň, Gazagystanyň, Niderlandlaryň, Alžiriň, Ispaniýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Rumyniýanyň we Marokkonyň on müňlerçe raýatlarynyň arasynda meşhur syýahatçylyk ugry boldy.
Demirgazyk Koreýadan, Sao-Tome we Prinsipiden, Watikandan, Gündogar Timordan, Sent-Winsent we Grenadinlerden, şeýle hem Gaýanadan iki syýahatçy megapolise gelip gördüler.
2019-njy ýylyň noýabr aýynda Stambula syýahatçylyk akymy 1 million 88 müň 372 adama, 2020-nji ýylyň noýabr aýynda 439 müň 920, 2021-nji ýylyň noýabr aýynda bolsa 997 müň 620 adama deň boldy.


05.06.2026 21:38
5.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
6.3k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......

01.06.2026 13:04
3k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.9k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......