Türkmenistanyň Döwlet muzeýine gadymy organizmiň yzlaryny saklaýan 60-80 mln ýaşly dag jynsynyň nusgasy berildi

  • 04.01.2024 16:49
  • 19k+

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýi alymlardan näbelli gadymy organizmiň yzlaryny saklaýan dag jynsynyň nusgasyny aldy. Ol ýaşy 60 – 80 mln ýyl bolan ýokarky hek döwrüniň deňiz çökündileriniň arasyndan tapyldy diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Bu daşa öwrülen görnüş Sünt-Hasardag gerşiniň etegindäki Günbatar Köpetdagda, Magtymguly şäheriniň töwereklerinde tapyldy. Gadymy organizmiň yzlary 8-12 mm diametrli altyburçluklardan ybarat torjagaza meňzemek bilen, ary öýjüklerini ýada salýar. Olar 130-150 smmeýdany eýeleýär.

“Tertipli altyburçly gurluş obýektiň biologiki gelip çykyşy barada pikirlendirýär. Häzirki düşünjelere görä, şeýle yzlary gubkalar, suwotulary we çuňlukda ýaşaýan uly protistler ýaly ýönekeý organizmleriň galdyran bolmagy mümkin” – diýlip, makalada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Paleontologiýa muzeýiniň ylmy işgäri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Dmitriý Grigorýewiň sözleri getirilýär.

Alym häzirki günde şeýle tapyndylaryň ýüzlerçesiniň mälimdigini aýtdy. Gözlegçileriň pikiriçe, bu yzlar ylma heniz mälim bolmadyk jandara degişli bolup biler.


düýn 10:10
2.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......