2024-nji ýylda Ýaponiýada Pakýao bilen Meýwezeriň arasynda rewanş duşuşygy geçiriler

  • 04.01.2024 14:42
  • 16k+

Filippinli boksçy Menni Pakýao amerikaly Floýd Meýwezer bilen rewanş söweşini yglan etdi. Söweş 2024-nji ýylda Ýaponiýada geçiriler diýip, MIR 24 habar berýär.

“Biz söweşi geçen ýyl gurnamalydyk, munuň başa barmandygy üçin ötünç soraýarys. Sizi 2024-nji ýylda Ýaponiýada Floýda garşy uly söweşde görerin diýip umyt edýärin” – diýip, Pakýao belledi.

Filippinli boksçy soňky professional söweşini 2021-nji ýylyň tomsunda geçiripdi. Şonda ol ýarym orta agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA) garaýşy boýunça çempion titulynyň häzirki eýesi Ýordenis Ugasdan ýeňildi.
Meýwezer professional ringde soňky gezek 2017-nji ýylyň awgust aýynda söweşdi. Şonda ol Konor Makgregordan onunjy raundda tehniki nokaut bilen üstün çykdy. Amerikaly ýeňilmedik bolup galýar. Ol özüniň 50 söweşinde-de ýeňiş gazandy (27-si nokaut bilen).
Pakýao bilen Meýwezeriň ilkinji söweşi 2015-nji ýylyň maý aýynda boldy. Şonda filippinli boksçy amerikalydan ýeňildi.


şu gün 09:52
1.3k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.2k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.7k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......