Türkmenistanda 2024-nji ýylda ilkinji bäbek Arkadag şäherinde dünýä indi

  • 04.01.2024 11:51
  • 23k+

2024-nji ýylda ýurt boýunça ilkinji bäbek Türkmenistanyň Arkadag şäherinde dünýä indi.

Ýurtda täze ýyldaky ilkinji bäbek Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjylary Kakageldiýewleriň maşgalasynda dünýä indi. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde doglan bu oglanjyga onuň ata-enesi Arkadag diýip at goýdular.
Çaganyň agramy 4 kilogram 230 gram we boýy 54 santimetr ölçeglerde bellige alyndy. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, onuň saglyk ýagdaýlary kanagatlanarly. Çaga we enesine lukmanlar, şepagat uýalary tarapyndan hemme degişli gözegçilik işleri geçirilýär.
Yzgantly Kakageldiýewler täze ýylyň ilkinji pursatlarynda öz maşgalalarynda ogul perzendiň dünýä inmegini döwletliligiň, rowaçlygyň, sagdynlygyň we dowamat-dowamlylygyň nyşany hasaplaýarlar. Şatlykly waka mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu bagtyýar maşgala iberen ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylyp, gutlaglar aýdyldy.
Çagajygyň ata-enesi, 8 we 6 ýaşyndaky beýleki iki oguljyklary bilen birlikde, täze doglan üçünji perzentlerini-de Watana wepaly, il-güne gerekli adam edip ýetişdirmek ugrunda terbiýelejekdiklerini aýdýarlar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......