2023-nji ýylyň iň gowy klub baş tälimçisi saýlandy

  • 30.12.2023 16:55
  • 6.3k+

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) 2023-nji ýylyň klublarda işleýän baş tälimçileriniň arasyndan iň gowusyny atlandyrdy. IFFHS-iň resmi saýtyna salgylanyp, Report agentliginiň habar bermegine görä, bu ada Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň başynda duran Hosep Gwardiola mynasyp boldy.

52 ýaşly hünärmen 281 utuk gazanyp, öz bäsdeşlerinden öňe geçdi. Ispaniýanyň “Real” klubundan Karlo Ançelotti (56) ikinji, Italiýanyň çempiony “Napoliniň” öňki baş tälimçisi Luçano Spalletti üçünji boldy.
Ýeri gelende bellesek, şu ýyl Hosep Gwardiola Angliýanyň Premýer-ligasynda, Angliýanyň Kubogynda, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Super kubogynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy.


düýn 10:24
4.3k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
3.3k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
8.5k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.3k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......