Hytaýda Huawei IT kompaniýasynyň Aito 09 kysymly krossoweri satuwa çykaryldy

  • 28.12.2023 14:24
  • 8.9k+

Hytaýda täze uly «Aito M9» krossoweriniň satuwy başlandy. Onuň bahasy 469,8 müň ýuandan başlaýar (takmynan, 40 müň dollar).

«Aito M9-yň» uzynlygy 5230 mm, teker bazasy 3110 mm. Krossower gibrid we doly elektrikleşdirilen görnüşlerde elýeterlidir. Birinji ýagdaýda güýç ulgamy 1,5 litrlik turbomotordan (152 at güýji) we iki sany elektrik hereketlendirijisinden (224 we 152 at güýji) ybaratdyr; awtoulag elektrik energiýasy bilen 175 km aralygy geçip biler. Ikinjisinde, krossower her okda bir elektrik hereketlendirijisini aldy, güýç ulgamynyň umumy kuwwaty 530 at güýjüne deňdir, geçýän iň uzak aralygy bolsa 630 km.
Ulag adaptiw LED çyralar, töwerekleýin synlama kameralary, panoramik üçek, massaž we howa çalşygy funksiýalary bolan oturgyçlar, 22 dýuýmlyk teker diskleri we beýleki aýratynlyklar bilen üpjün edildi.
«Aito» awtoulag kompaniýasy Hytaýyň IT ägirdi bolan «Huawei» kompaniýasyna degişlidir.


21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

01.05.2026 08:01
5k+

Hytaýda awtoulag faralaryny kinoproýektora öwürdiler. Bu Huawei-iň täzeligi

Huawei kompaniýasy awtoulagyň yşyklandyryşyny, howpsuzlyk  ulgamyny we multimediýa funksiýalaryny özünde birleşdirýän we faralary doly derejeli proýektora öwürýän täzelenen xPixel tehnologiýasy bilen......

04.03.2026 18:41
2.5k+

SAIC we Huawei gyşky synaglaryň dowamynda täze Porsche Taycan görnüşli elektrik awtoulagy bilen tanyşdyrdy

SAIC awtokonserni we Huawei tehnologiýa ägirdi tarapyndan döredilen bilelikdäki Shangjie hytaý brendi ikinji modeli bolan Z7 elektrik awtoulagynyň gyşky synagynyň wideosyny çap etdi. Wideoda awtoulagyň dizaýny ilkinji gezek doly görkezilýär...

18.01.2026 23:32
5.3k+

Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi

Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi...