Mahaçew ESPN-iň garaýşy boýunça ýylyň söweşijisi boldy

  • 28.12.2023 09:52
  • 13k+

Ýeňil agram derejesinde UFC-niň häzirki çempiony russiýaly Islam Mahaçew ESPN neşiriniň garaýşy boýunça 2023-nji ýylyň söweşijisi boldy. Bu barada abraýly neşiriň metbugat gullugyna salgylanyp, championat.com habar berýär.

2023-nji ýylda Islam Mahaçew iki söweş geçirdi. 12-nji fewralda Awstraliýanyň Pert şäherinde geçirilen UFC 284 ýaryşynda ol ýerli söweşiji Aleksandr Wolkanowski bilen duşuşdy. Bäş raund dowam eden söweşiň netijesinde Islam Mahaçew ýeňiş gazandy. 21-nji oktýabrda Abu-Dabide geçirilen UFC 294 ýaryşynda Mahaçew Wolkanowski bilen rewanş geçirdi. Bu gezek Islam birinji raundda üstün çykdy.
Islam Mahaçewiň garyşyk başa-baş söweşde professional rekordy 25-1. Häzirki wagtda russiýaly türgen agram derejesine garamazdan UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Onuň indiki söweşi heniz kesgitlenmedik.


düýn 14:40
3.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.7k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....