Teýlor Swift Elwis Presliniň gazanan üstünligini gaýtalady

  • 27.12.2023 18:45
  • 10668
Teýlor Swift Elwis Presliniň gazanan üstünligini gaýtalady

Teýlor Swift «1989» plastinkasy bilen (Taylor's Version) yzygider dördünji hepde Billboard 200 albom sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada Daily Mail habar berýär.

12 gezek «Gremmi» baýragynyň ýeňijisi bolan aýdymçynyň üç albomy Billboard diagrammasynda ilkinji onluga girdi: Midnights plastinkasy - üçünji, Lover bolsa ýedinji ýerde. Umuman alanyňda, Swiftiň albomlary diagrammada 67 gezek birinji ýeri eýeledi. Ýekebara aýdymçylaryň arasynda diagrammanyň başyny şonça gezek çeken diňe Elwis Preslidir.
Indi ýerine ýetirijiniň Beatlesden hem öňe geçmek üçin ähli mümkinçiligi bar – iňlis rok topary birnäçe hepdeläp Billboarduň başynda bolmakda rekord eýesi hasaplanýar. Ady rowaýata öwrülen aýdym-saz topary 132 hepdäniň dowamynda sanawda birinji orunda durýar.
Ondan biraz öň Teýlor Swift Time žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň şahsyýeti boldy. Ol reýtingde Wladimir Putinden, Hytaýyň prezidenti Si Szinpinden we Barbiden öňe geçdi.
2022-nji ýylyň güýzünde aýdymçynyň Midnights atly albomy Spotify akym hyzmatynyň taryhynda bir günde iň köp diňlenen albom boldy - 185 million gezekden gowrak diňlendi.


23.05.2024 14:00
3054

Liwerpul bir hepdelik “Teýlor-Taun” bolar: şäher pop ýyldyzyň konsertlerine taýynlanýar

Teýlor Swiftiň ýakyn wagtda Liwerpulda boljak konsertleriniň hormatyna şäher adyny bir hepde "Teýlor-Taun" diýip üýtgeder diýip, BBC ýazýar Iýun aýynyň 8-14-i aralygynda aýdymçynyň dünýäniň dürli künjeginden gelen...

23.02.2024 17:42
4286

Teýlor Swift 2023-nji ýylyň iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy. Bu barada Halkara ses ýazgysy federasiýasynyň (IFPI) 2023-nji ýyl üçin hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär...

14.12.2023 09:30
8737

Teýlor Swiftiň konsert syýahaty iň girdejili hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” dünýä syýahaty girdeji ýygymy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Guinness World Records saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Syýahat 1 mlrd dollar girdejiden...

29.11.2023 18:45
4489

Teýlor Swiftiň konsert filmi 2023-nji ýylyň TOP-20 filmlerine goşuldy

Teýlor Swiftiň “Taylor Swift: The Eras Tour” konsert filmi 15 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 250 mln dollar gazandy. Bu barada The Hollywood Reporter neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Şeýlelikde...