Russiýaly Biwol britaniýaly Artury ýeňip, WBA-nyň dünýä çempionlygyny gorady

  • 25.12.2023 13:13
  • 10k+

Russiýaly Dmitriý Biwol 79,38 kilograma çenli agram derejesinde Bütindünýä boks birleşiginiň (WBA) wersiýasyna görä dünýäniň super çempiony diýen adyny gorady we abraýly wersiýalara goşulmaýan Halkara boks guramasynyň (IBO) dünýä çempionynyň guşagyny aldy. Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen 12 raundly duşuşykda ol biragyzdan gelnen karar bilen britaniýaly Lindon Artury ýeňdi.

Eminleriň üçüsi-de ähli raundda ýeňiş gazanan diýip hasaplap, ýeňşi Biwola berdiler - 120:107, 120:107, 120:107.


29.01.2026 13:24
7.6k+

Taýson Fýuri russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen söweşmek üçin ringe dolanýar

Boks boýunça öňki dünýä çempiony Taýson Fýuri 11-nji aprelde russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen duşuşar. Bu barada britaniýaly boksçy özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. «Bu resmi habar. Men öz halaýan işime dolanýaryn» – diýip, Fýuri ýazdy...

26.01.2026 09:29
2.8k+

Netflix boksçy Saul «Kanelo» Alwares barada film taýýarlaýar

Netflix boks boýunça dünýäniň öňki absolýut çempiony Saul «Kanelo» Alwares barada doly göwrümli dokumental filmi çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Filmiň önümçiligi bilen «Golden Steýt» klubunyň basketbolçysy Stefen Karri tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan «Unanimous Media» kompaniýasy meşgullanar...

24.12.2025 13:28
16k+

Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär

IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär...

22.12.2025 11:30
15k+

Serdar Berdimuhamedow Dubaýda boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal alan türgene pul baýragyny berdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazanan Baýramdurdy Nurmuhammedowy pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. 2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen dünýä birinjiliginde türkmen türgeni 3-nji orna we bürünç medala mynasyp boldy...