Warner Bros. Paramount bilen birleşmek barada gepleşikleri geçirýär

  • 23.12.2023 16:22
  • 4.4k+

Warner Bros. Discovery-niň baş direktory Dewid Zaslaw 19-njy dekabrda Nýu-Ýorkda Paramount Global-yň başlygy Bob Bakiş bilen duşuşdy diýip, Axios we Variety çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Duşuşyk Paramountyň Taýms-skwerdäki baş edarasynda geçirildi we birnäçe sagat dowam etdi. Neşiriň habaryna görä, Zaslaw şeýle-de, Paramount Global film kompaniýasynyň gözegçilik paýyna eýeçilik edýän, National Amusements kompaniýasynyň başlygy Şeri Redstoun bilen geleşigi ara alyp maslahatlaşdy.
Warner Bros. Discovery–niň bazar gymmaty 20-nji dekabrdaky ýagdaýa görä, takmynan, 29 milliard dollar, Paramount Global-yňky bolsa bary-ýogy 10 milliard dollardan geçdi. Warner Bros. Discovery-niň  karzy üçünji çärýegiň ahyrynda 43,5 milliard dollar bolan bolsa, Paramount Global-yňky 15,6 milliard dollar boldy.
Häzirki wagtda gepleşikler henizem başlangyç basgançakda we olaryň ylalaşyga gelip bilmezlikleri hem mümkin diýip, Axios ýazýar.
Paramount Pictures “Terminator”, “Transformerler”, “Mümkin däl missiýa”, “Top Gan”, “Asuda ýer”, “Pyşbagalar-nindzýa”, “Çokundyran ata”, “Paranormal işjeňlik”, “Gykylyk” we “Ýyldyz ýoly” ýaly film franşizalaryny döretdi we Warner Bros. Pictures bolsa Suratlar - DC älemi, Garri Potter we ýüzükleriň hojaýyny hakda filmleri düşürdi.

düýn 20:25
2.9k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......