Jeýk Poluň indiki söweşiniň senesi belli boldy

  • 23.12.2023 15:50
  • 10k+

Boks söweşlerine gatnaşýan meşhur amerikaly bloger Jeýk Pol indiki söweşini 2-nji martda Puerto-Rikoda geçirer. Bu barada Most Valuable Promotions promouter kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi diýip, championat.com ýazýar. Onuň garşydaşy heniz belli däl. Onuň ady soňrak yglan ediler.

Pol professional ringde ilkinji gezek 2020-nji ýylda çykyş etdi we jemi sekiz söweş geçirip, olaryň ýedisinde ýeňiş gazandy (dördüsi – möhletinden ir).
Jeýk soňky söweşinde watandaşy Andre Awgust bilen duşuşdy. Söweş 16-njy dekabra geçilýän gije ABŞ-nyň Orlando şäherinde geçirildi we birinji raundda Poluň nokaut arkaly ýeňşi bilen tamamlandy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......