Dana Uaýt UFC 300 ýaryşynyň ilkinji üç söweşini yglan etdi

  • 23.12.2023 08:29
  • 11k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt sosial ulgamlarda promouşeniň ýubileý ýaryşy UFC 300-üň çäginde geçiriljek üç söweşi yglan etdi. Bu sport çäresi geljek ýylyň aprel aýynda geçiriler diýip, championat.com belleýär.

Uaýtyň habar bermegine görä, ýarym agyr diwizionda liganyň öňki çempiony Irži Prohazki (Çehiýa) Awstriýanyň wekili Aleksandar Rakiç bilen söweşer.
Iň ýeňil agram derejesinde promouşeniň öňki çempiony Aljameýn Sterling (ABŞ) ýarym ýeňil agramyň söweşijisi Kelwin Kattar (ABŞ) bilen duşuşar. Orta agramda çykyş edýän amerikaly Bo Nikal bolsa watandaşy Kodi Brandeýj bilen söweşer.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......