Fabregas Italiýanyň çempionatynda çykyş edýän «Komo» toparynyň baş tälimçiliginden aýryldy

  • 22.12.2023 17:38
  • 6.9k+

Italiýanyň Seria B çempionatynda çykyş edýän «Komo» futbol kluby resmi web sahypasynda ispaniýaly Sesk Fabregasyň baş tälimçiniň borçlaryny ýerine ýetiriji wezipesinden aýrylýandygyny, onuň ornuna uelsli Osian Robertsiň bellenendigini habar berdi.

«Komo» Fabregasyň ýolbaşçylygyndaky bäş oýunda dört ýeňiş gazandy. Habar berilmegine görä, Roberts 2023/24-nji möwsümiň ahyryna çenli wagtlaýyn tälimçi wezipesine bellenildi. Ol 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda işe başlar.
Fabregasyň wezipeden aýrylmagy onuň baş tälimçilik hakynda ygtyýarnamasynyň ýokdugy bilen baglanyşyklydyr. Oňa eýe bolan badyna hünärmen ýene-de topara ýolbaşçylyk eder.
Fabregas 36 ýaşynda we 2023-nji ýylyň iýulynda futbolçy hökmünde karýerasyny tamamlady. Ýarym goragçynyň soňky kluby «Komo» boldy, şeýle hem ol Angliýanyň «Arsenal», «Çelsi», Ispaniýanyň «Barselona», «Monako» klublarynda çykyş etdi, Angliýanyň we Ispaniýanyň çempionatynda ýeňiji boldy, bu ýurtlaryň Kuboklaryny gazandy hem-de Ýewropa ligasynda ýeňiji boldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýä çempiony we iki gezek Ýewropanyň çempiony boldy.


düýn 23:07
2.5k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....