2023-nji ýylyň esasy sport wakalary aýdyldy

  • 22.12.2023 13:10
  • 8.8k+

Hytaýyň Mediakorporasiýasy geçip barýan ýylda ýurtda we dünýäde bolup geçen esasy sport wakalarynyň reýtingini hödürledi. Sanawyň ikisinde-de birinji orny Hançžouda geçirilen 19-njy Halkara Aziýa oýunlary eýeledi. Bu barada bigasia.ru belleýär.

Şeýle-de, global sport wakalarynyň arasynda Germaniýanyň milli ýygyndysynyň basketbol boýunça dünýä çempionatynda we Ispaniýanyň zenanlar ýygyndysynyň dünýäniň futbol birinjiliginde taryhy ýeňşi bellendi. Halkara Olimpiýa Komiteti kibersport boýunça komissiýanyň döredilendigini yglan etdi, Lionel Messi sekizinji gezek “Altyn top” baýragyna eýe boldy, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç bolsa Uly tuwulga ýaryşlarynda titullarynyň sany boýunça rekord goýdy. 
Soňra keniýaly ýeňil atletikaçy Kelwin Kiptumyň Çikago marafonyndaky rekordy, 2028-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girjek sportuň bäş görnüşi we fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşanyň dünýä rekordy gelýär. Global onlugy dünýä çempionatynda indiwidual köp görnüşli ýaryşda altynjy gezek ýeňiş gazanan amerikaly Simona Baýls jemleýär.
Hytaýyň esasy sport wakalarynyň arasynda 19-njy Aziýa we 31-nji Bütindünýä tomusky talyplar oýny, Hytaýyň basketbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň Aziýanyň Kubogynda we ýurduň badminton boýunça ýygyndysynyň Sudirmanyň Kubogynda ýeňşi, şeýle-de Hytaýyň Fukuokada geçirilen sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatynda absolýut liderligi we beýlekiler bar.


01.02.2026 11:41
8.5k+

Hytaýyň lideri Si Szinpin futbol janköýeri bolup çykdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» futbol klubunyň hakyky janköýeri bolup çykdy. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmeriň Pekine bolan resmi saparynyň dowamynda mälim boldy diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär...

16.01.2026 22:23
5.5k+

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýda motokross ýaryşynda çykyş etdiler

Türkmenistanyň «Kämil» awtosport klubunyň türgenleri Hytaýyň Çunsin şäheriniň Sýanszin etrabynyň Hab-Port senagat sebitinde dekabr aýynda geçirilen motokross boýunça Hytaýyň çempionatynyň (CMX) halkara tapgyryna gatnaşdylar...

21.07.2025 18:50
4k+

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça ýygyndysy Dünýä çempionatynda altyn medal aldy

Hytaýyň suwda sinhronly ýüzmek boýunça milli ýygyndysy Singapurda geçirilýän dünýä çempionatynda 348,4779 utuk gazanyp, topar hasabynda altyn medal aldy. Bu barada World Aquatics halkara federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär...

09.07.2025 20:06
7k+

Gonkongda Kriştianu Ronaldunyň wagtlaýyn muzeýi açyldy

Gonkongda saud “Al-Nasrynyň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronalduwa bagyşlanan wagtlaýyn muzeý açyldy. Bu barada Blooloop habar berýär. Muzeý K11 çeperçilik-medeni merkezinde ýerleşýär...