Hytaý yzyna gaýdyp gelýän synag kosmoplanyny üstünlikli uçurdy

  • 16.12.2023 15:08
  • 5.7k+

Hytaý yzyna gaýdyp gelýän eksperimental howa-kosmos uçuş enjamyny üstünlikli uçurdy. Bu barada Sinhua agentligi habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, CZ-2F raketasy kosmoplany orbita eltdi. Uçuryş ýurduň demirgazygyndaky Szýusýuan kosmodromyndan amala aşyryldy.
Enjam belli bir wagtyň dowamynda orbitada bolar. Onuň wezipeleriniň biri köp gezeklik uçuryş tehnologiýasynyň synagyny we parahatçylykly maksatlar bilen ylmy tejribeleri geçirmekden ybarat.
Hytaý eýýäm üçünji gezek kosmoplan uçurýar. Birinji uçuryş 2020-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda amala aşyryldy we bir gije-gündizden soň enjam Ýere gaýdyp geldi. Ikinjisi 2022-nji ýylyň 4-nji awgustynda bolup geçdi, bu orbital uçuş 2023-nji ýylyň 8-nji maýyna çenli dowam etdi, şondan soň enjam yzyna gaýdyp geldi.
CZ-2F iki basgançakly raketa bolup, suwuk ýangyçda işleýär. Onuň uzynlygy 52 m we ol Ýeriň pes orbitasyna 8,6 tonna çenli peýdaly ýük çykarmaga ukyplydyr.


12.05.2026 07:19
16k+

Günorta Hytaýda «iki kelleli» gamyş ýylanynyň täze görnüşi tapyldy

Hytaýly barlagçylar ýylanyň täze görnüşini – Guansi gamyş ýylanyny tapdylar. Bu ýylan ýyrtyjylardan goranmak üçin guýrugynyň kömegi bilen ikinji kelläniň şekilini döretmäge ukyplydyr....

10.05.2026 11:51
7.6k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.5k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......