Mahaçew bilen Wolkanowskiniň birinji söweşi 2023-nji ýylyň iň gowy söweşi boldy

  • 15.12.2023 17:38
  • 18k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýeňil agramda titul eýesi russiýaly Islam Mahaçewiň UFC 284 ýaryşynda awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskä garşy söweşi World MMA Awards baýrak gowşurylyş dabarasynda ýylyň iň gowy söweşi diýlip ykrar edildi. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Söweş fewral aýynda geçirildi we emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Mahaçewiň ýeňmegi bilen tamamlandy. Oktýabr aýynda Mahaçew Wolkanowskini nokauta gidirip, ikinji gezek tituly gorady.
Ýylyň söweşijisi angliýaly Leon Edwards, iň gowy zenan söweşiji meksikaly Aleksa Grasso boldy.

 


düýn 14:40
3.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....