Mahaçew UFC-de indiki söweşini orta agyr agram derejesinde çempionlyk adyny almak ugrunda geçirmek isleýär

  • 12.12.2023 09:51
  • 26k+

Ýeňil agramda Ultimate Fighting çempionatynyň (UFC) çempiony rusýaly Yslam Mahaçew orta agyr agram derejesinde guramanyň çempiony diýen ady almak üçin indiki söweşini geçirmek isleýär. Ol žurnalistlere bu barada aýtdy.

Häzirki çempion, iňlis türgeni Leon Edward bilen amerikaly türgen Kolbi Kowingtonyň arasynda UFC-niň orta agyr agram derejesindäki çempiony adyny almak ugrundaky göreş 17-nji dekabr gijesi Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) geçiriler.
Mahaçew: "Indiki söweşde Edward-Kowington söweşiniň ýeňijisi bilen söweşmek isleýärin. Iki ada eýe bolmak isleýäris" -diýdi.
Mahaçýow 32 ýaşynda. Onuň garyşyk söweş sungatynda (MMA) 25 ýeňşi we 1 ýeňlişi bar. 21-nji oktýabrda Mahaçew Abu-Dabidäki UFC 294-de awstraliýaly türgen Aleksandr Wolkanowskini ýeňlişe sezewar etdi.


düýn 14:40
3.7k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
8.8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....