Ýewro – 2024-de el bilen oýnalandygyny duýdurýan pökgi peýdalanylar

  • 08.12.2023 12:41
  • 10k+

2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynda eminlere el bilen oýnalandygyny kesgitlemäge kömek etjek pökgi peýdalanylar.

Pökgülerde aýaklary we elleri yzarlamak tehnologiýasy bilen birlikde, hakyky wagt birliginde futbolçynyň bedeniniň üç ölçegli keşbini döredip biljek ýörite mikroçip oturdylar. Alnan şekil eminleriň wideo kömekçi ulgamyna (VAR) pökginiň nirä degendigini anyklamaga mümkinçilik berer.
2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýarym awtomatiki usulda ofsaýdy kesgitlemek ulgamy üçin niýetlenen ýörite pökgi peýdalanyldy. Onuň içinde wideooperasion otagyna sekuntda 500 gezek maglumat iberýän ýörite datçik ýerleşdirildi, bu bolsa urgy nokadyny takyk kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda bu ulgam Ýewropa kubogynyň oýunlarynda ulanylýar.
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndan 14-nji iýuly aralygynda Germaniýada geçiriler.


şu gün 13:40
4.6k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.5k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......