«Nýukasl» de Hea bilen şertnama baglaşmagy maksat edinýär

  • 05.12.2023 11:43
  • 3.8k+

«Nýukasl Ýunaýted» Angliýanyň milli ýygyndysynyň derwezebany Nik Poupyň şikes almagy sebäpli «Mançester Ýunaýtediň» öňki derwezebany Dawid de Hea bilen şertnama baglaşmagy göz öňünde tutýar.

2-nji dekabrda şenbe güni Angliýanyň premýer-ligasynyň 14-nji tapgyrynyň çäklerinde «Mançester Ýunaýtede» garşy duşuşygyň dowamynda Poup egninden şikes aldy. Habar beriş serişdeleriniň bellemeklerine görä, 31 ​​ýaşly derwezeban şikes almagy sebäpli bäş aýa çenli meýdança çykyp bilmez, ol diňe bir möwsümiň galan bölegine däl, eýsem, Ýewro 2024-iň soňky tapgyryna hem gatnaşyp bilmez.
Bellenilmegine görä, Poupyň şikesi «Nýukaslyň» ýolbaşçylaryny gyssagly täze derwezeban gözlemäge mejbur edýär. Şeýlelikde, toparyň ýolbaşçylary tomusda «Mançester Ýunaýtedden» giden we häzirki wagtda erkin agent derejesini saklaýan de Heany iň amatly çözgüt hökmünde görýärler. Ispaniýaly futbolçy «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde 12 ýyl çykyş etdi.


düýn 23:07
2.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....