UEFA Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynyň iň gowy oýunçysy adyna dalaşgärleri yglan etdi

  • 01.12.2023 15:10
  • 11k+

UEFA Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynyň iň gowy oýunçysy adyna dalaşgärleriň adyny yglan etdi. «Galatasaraýyň» ýarymgoragçysy Hakim Ziýeş, «Lasio» toparynyň hüjümçisi Çiro Immobile, «Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Fil Foden we «Benfikanyň» ýarymgoragçysy Žoau Mariu dalaşgär görkezildi.

Mariu «Inter» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:3) het-trik amala aşyrdy. Immobile “Seltik” bilen oýunda (2:0) iki pökgi geçirdi. Foden «RB Leipzige» garşy geçirilen oýunda (3:2) bir gol saldy we iki ýardam pasyny berdi. Ziýeş «Mançester Ýunaýted» bilen oýunda (3:3) bir gola we netijeli pasa adyny ýazdyrdy.
Çempionlar ligasyndaky ilkinji dört oýun hepdesiniň netijelerine görä, «Portunyň» oýunçysy Galeno, «Atletikonyň» hüjümçisi Alwaro Morata, «Portunyň» hüjümçisi Ewanilson we «Tottenhemiň» hüjümçisi Son Hyn Min iň gowy oýunçylar diýlip ykrar edildi.
Hepdäniň iň gowy goly üçin dalaşgärleriň sanawyna «Real Madridiň» hüjümçisi Rodrigo, «Arsenalyň» ýarymgoragçysy Martin Edegor, «Galatasaraýyň» hüjümçisi Kerem Aktürkoglu we «Mançester Ýunaýtediň» ýarymgoragçysy Brunu Fernandeş girdi.
Hepdäniň iň gowy oýunçysy we iň gowy goly UEFA-nyň resmi web sahypasynda ses bermek arkaly kesgitlener.


düýn 15:47
4.3k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.3k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
4.9k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.9k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......