Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük gulluklarynyň başlyklary Aşgabatda gepleşikleri geçirdiler

  • 01.12.2023 11:58
  • 4.1k+

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy türkmen-azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara toparynyň çäginde Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygy Ş.Bagirow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär.

Taraplar iki ýurduň gümrük gurluşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna oňyn baha berip, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýlelik bilen, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti tarapyndan guralan köptaraplaýyn ýygnaklara, konferensiýalara we forumlara gatnaşdy.
Mundan başga-da, BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreş edarasynyň bütindünýä konteýner dolandyryş maksatnamasynyň çäginde iki ýurtdan gümrük işgärleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki okuwlar geçirildi. Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki maslahat toparynyň çäginde gümrük hyzmatdaşlygy Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe görnüşinde hem güýçlenýär.
Şahin Bagirow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gurluşy we işi bilen tanyşdy we hormatly myhmanlar kitabyna ýazgy galdyrdy.


11.05.2026 22:55
885

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......