Teýlor Swiftiň konsert filmi 2023-nji ýylyň TOP-20 filmlerine goşuldy

  • 29.11.2023 18:45
  • 4489
Teýlor Swiftiň konsert filmi 2023-nji ýylyň TOP-20 filmlerine goşuldy

Teýlor Swiftiň “Taylor Swift: The Eras Tour” konsert filmi 15 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 250 mln dollar gazandy. Bu barada The Hollywood Reporter neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.

Şeýlelikde, film 2023-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň ilkinji ýigrimiligine girdi. Neşir onuň ähli döwürleriň iň üstünlikli konsert filmi bolup biljekdigini belleýär.
Film 13-nji oktýabrda çykdy we ilkinji uikend Martin Skorseziň “Killers of the Flower Moon” filminden öňe geçmegi başardy. Sentýabr aýynda hünärmenler “Taylor Swift: The Eras Tour” konsertiniň kinoteatr görnüşiniň Demirgazyk Amerikada 150 mln dollara ýetip biljekdigini we hatda bu mukdardan geçip biljekdigini çaklapdylar.
Şeýle-de bolsa, häzirlikçe dünýä rekordynyň eýesi “Maýkl Jekson: ine bar bolany” filmidir. Ol aýdymçynyň bolmadyk kambekiniň taýýarlygyna bagyşlanýar. 2009-njy ýylda kartina dünýä prokatynda 261,2 mln dollar gazandy. Şol bir wagtyň özünde, Swiftiň filmi çykmazdan ozal ABŞ-da iň üstünlikli konsert filmi “Jastin Biber: Hiç haçan hiç haçan diýme” hasaplanýardy. 2011-nji ýylda ol içerki prokatda 73 mln dollar, dünýä prokatynda 99 mln dollar gazandy.
The Hollywood Reporter “Taylor Swift: The Eras Tour” lentasynyň 30-njy noýabrda kinoteatrlara dolanjakdygyny belleýär. Onuň bilen ugurdaş Beýonseniň Renaissance syýahatyna bagyşlanan konsert filmi görkeziler.


23.05.2024 14:00
3054

Liwerpul bir hepdelik “Teýlor-Taun” bolar: şäher pop ýyldyzyň konsertlerine taýynlanýar

Teýlor Swiftiň ýakyn wagtda Liwerpulda boljak konsertleriniň hormatyna şäher adyny bir hepde "Teýlor-Taun" diýip üýtgeder diýip, BBC ýazýar Iýun aýynyň 8-14-i aralygynda aýdymçynyň dünýäniň dürli künjeginden gelen...

23.02.2024 17:42
4286

Teýlor Swift 2023-nji ýylyň iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl iň köp satylan aýdym-saz ýerine ýetirijisi boldy. Bu barada Halkara ses ýazgysy federasiýasynyň (IFPI) 2023-nji ýyl üçin hasabatyna salgylanyp, TASS habar berýär...

27.12.2023 18:45
10668

Teýlor Swift Elwis Presliniň gazanan üstünligini gaýtalady

Teýlor Swift «1989» plastinkasy bilen (Taylor's Version) yzygider dördünji hepde Billboard 200 albom sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada Daily Mail habar berýär. 12 gezek «Gremmi» baýragynyň ýeňijisi bolan...

14.12.2023 09:30
8737

Teýlor Swiftiň konsert syýahaty iň girdejili hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” dünýä syýahaty girdeji ýygymy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Guinness World Records saýtyna salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Syýahat 1 mlrd dollar girdejiden...