Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

  • 29.11.2023 00:29
  • 2.4k+

28-nji noýabrda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine wise-premýer Batyr Atdaýew, azerbaýjan wekiliýetine Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda iki döwletiň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda, iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösüşiniň oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy.
Taraplar energetika we nebit-gaz pudagynda, himiýa, ulag hem-de kommunikasiýa ulgamlarynda, oba-hojalygy we azyk senagatynda, daşky gurşawy goramakda, şäher gurluşygynda hem-de binagärlikde, şeýle hem, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekligi ylalaşdylar.
Taraplar iki döwletiň hususy sektorynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Azerbaýjanda geçirilýän söwda ähmiýetli çärelere gatnaşmagy bilen bagly işleri giňeltmek boýunça ylalaşyk gazandylar.

Mejlise gatnaşyjylar “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) arasynda gaz senagaty boýunça hyzmatdaşlygyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler we SOCAR-yň Aşgabatdaky wekilçiliginiň açylmagyny hoşallyk bilen garşyladylar.
Mejlisiň jemleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisiniň Teswirnamasy kabul edildi.
Taraplar hökümetara toparynyň indiki 8-nji mejisini Baku şäherinde geçirmegi ylalaşdylar.


11.05.2026 22:55
885

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......