Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri «Agro-Pack Turkmenistan 2023» halkara sergisine gatnaşdy

  • 28.11.2023 15:07
  • 9k+

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow Türkmenistana iş saparynyň dowamynda wise-premýer, bilelikdäki azerbaýjan-türkmen Hökümetara toparynyň egindeş başlygy Batyr Atdaýew bilen bilelikde «Agro-Pack Turkmenistan 2023» halkara sergisine gatnaşdy. Bu barada ministr X sosial ulgamyndaky akkauntynda ýazdy.

“Biz önümçiligiň innowasion mehanizmlerini hödürleýän bu sergide senagat, oba hojalygy, azyk önümçiligi, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, gurluşyk, logistika, dokma we beýleki pudaklarda hereket edýän halkara kompaniýalar tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar, ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmagy, çeşmelerden netijeli peýdalanmagy we ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin döwrebap çözgütleri üpjün edýän innowasiýalar bilen tanyşdyk” – diýip, ministr ýazýar.


11.05.2026 22:55
885

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......