Ertir Aşgabatda «Agro Pak» azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi açylýar

  • 27.11.2023 13:16
  • 104k+

28-30-njy noýabrda Aşgabatda «Agro Pak Türkmenistan – 2023» ady bilen azyk, gaplama we oba hojalyk önümleriniň halkara sergisi öz işine başlaýar. Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Sofuar» kompaniýasy bilelikde guraýar.

Sergä döwlet eksponentlerinden başga-da, Azerbaýjandan, Germaniýadan, Hytaýdan, Moldowadan, Özbegistandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan degişli kompaniýalar we kärhanalar gatnaşar.
Şeýle-de Niderlandlaryň, Russiýanyň we Eýranyň ýörite pawilýonlary gurnalar.
Sergide azyk önümleriniň, gaplama önümleriniň önümçiligi üçin enjamlar, azyk senagat tehnologiýalary, däne saklaýyş we üweýiş ulgamlary, bagbançylyk we tokaý ösdüriş, guşçulyk we maldarçylyk, suwaryş pudagynda öňdebaryjy çözgütler, şeýle-de oba hojalyk önümleri, tohumlar, dökünler we ş.m. görkeziler.

«Halkara sergisine daşary ýurtly kompaniýalar bilen bir hatarda Türkmenistandan hem bu ugurlarda iş alyp barýan köpsanly telekeçileriň we kompaniýalaryň gatnaşmaga gyzyklanma bildirmegi eýýämden çäräniň netijeli boljakdygyny görkezýär” diýip, «Sofuar» kompaniýasynyň wekili Ismail Enwerogly belleýär.

Bu görnüşdäki sergiler ozal Özbegistanda we Yrakda geçirildi. Indi bolsa ol ilkinji gezek Türkmenistanda geçirilýär.
Sergi  Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+993 65 030921
+993 64 762596


12.05.2026 15:08
4.3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4.4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.4k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.8k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....