UFC barabar bäsdeş: PFL ligasy Bellator-y satyn aldy

  • 24.11.2023 10:04
  • 5.7k+

Amerikan MMA promouşeni Bellator meşhur PFL ligasyna goşulandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu barada smotrim.ru habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, Bellator brendi hereket etmegini dowam eder, ýöne PFL-iň ýolbaşçylygynyň astynda bolar. Professional Fighters League 2012-nji ýyldan bäri hereket edýär we geçen ýylyň ahyrynda – şu ýylyň başynda onuň egindeş eýeleri arap işewürleri boldy. Olar ligany dünýäniň MMA lideri bolan UFC promouşenine mynasyp bäsdeş etmegi maksat edindiler.
Şeýlelikde, olar iň gowy garyşyk başa-baş söweş ligalarynyň ilkinji bäşligine girýän Bellator (2008-nji ýylda döredilen) bilen birleşdiler.
Indi Bellator promouşeniniň ýaryşlarynyň, esasan, daşary ýurtlarda geçiriljekdigi habar berilýär. Şol bir wagtyň özünde, Bellator-yň ähli söweşijileri PFL ýaryşlaryna gatnaşyp bilerler.
Eýýäm geljek ýyl hünärmenler uly birleşdiriji ýaryşy gurnamagy göz öňünde tutýarlar we onda PFL-iň çempionlary Bellator-yň howandarlygyndaky titul eýeleri bilen göreşerler.
Şeýlelik bilen, iki liga täze sport birleşiginiň absolýut çempionlaryny kesgitlär.


düýn 18:18
3.5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......