Pekinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

  • 21.11.2023 23:08
  • 3.8k+
20-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Pekinde Ykdysady hyzmatdaşlyk taslamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türkmen-hytaý iş toparynyň üçünji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habr berýär.

Mejlisiň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şunda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyk häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň köp ugurlar boýunça okgunly we yzygiderli görnüşde ösýändigi bellenildi.
Taraplar Iş toparynyň öňki mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berdiler, şeýle hem bu babatda mundan beýläk hem hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......